🎓 Perm Milli ylmy -barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU)daşary ýurtly talyplary k... — 11 июня 2026 г. в 07:24:01.488
🎓 Perm Milli ylmy -barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU)daşary ýurtly talyplary kabul etmek kompaniýasy resmi taýdan 2026-njy ýylyň 20-nji iýunynda başlaýar. Russiýanyň iň öňdebaryjy inženerçilik uniwersitetleriniň biri häzir dünýäniň dürli künjeginden bakalawr, hünärmen, magistr we dalaşgärler maksatnamalaryna arzalary kabul edýär. ✅ Daşary ýurtlylar üçin giriş mümkinçilikleri: Daşary ýurt raýatlary Perm Politehniki Uniwersitetinde üç ugur boýunça okamak üçin arza berip bilerler: * Býudjet orunlary(Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň kwotasy(paýy)- Russiýa Federasiýasynyň Ylym we Ýokary bilim ministirliginiň ýolbaşçylygynda mugt bilim. * Býudjet esasyndaky umumy bäsleşik- käbir GDA ýurtlarynyň raýatlaryna elýeterli(Belarussiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan) ýurtdaşlyk derejesinde (FK № 99): SSSR-iň öňki beýleki ýurtlary(Azerbeýjan, Ermenistan, Moldawa, Türkmenistan, Özbegistan, Ukraýina)içerki uniwersitet synaglarynyň ýa-da Bitewi Döwlet Synaglarynyň netijelerine esaslanýan Russiýa Federasiýasynyň raýatlary bilen deň esasda. * Tölegli esasda -giriş synaglaryny şahsyýetde tabşyrmak mümkinçiligi bolan şertnamalar boýunça okuw (Özbegistanda, Türkmenistanda, Täjigistanda kabul ediş bölümlerine baryp tabşyryp bolar). 🕒 Giriş kompaniýasynyň esasy seneleri-202 20-nji iýunda -daşary ýurt raýatlaryndan arzalary we resminamalary kabul etmek başlaýar. 10-njy iýulda -PNIPU-nyň içki synaglary býudjet maksatnamalara dalaşgärler üçin resminamalary kabul etmegiň soňky möhleti tamamlanýar. 28-nji awgustda -Şertnama esasynda(şahsy ýagdaýda) resminamalary kabul etmegiň soňky möhleti. 30-njy sentýabra çenli-sanawlar çap edilýär, şertnamalar netijelenýär we tölegli orunlara gutarnykly hasaba alyş tamamlanýar. 📋 Hökmany resminamalar bukjasy Daşary ýurtly dalaşgärlere arza tabşyrmak üçin zerur taýýarlamaly: 1. Pasport(we rus diline notarial tassyklanan terjimesi bilen nusgasy). 2. Bilim resminamasy(bilim şahadatnamasy ýa-da diplom bahalary notarial tassyklanan rus dili terjimesi bilen). Zerur bolan ýagdaýynda resminama kanunlaşdyrmak/tanamak prosedurasyndan geçmeli. Resminamalary nädip tabşyrmaly ? Daşary ýurt raýatlary resminamalary uzakdan halkara kabul ediş bölüminiň(komitetiniň) ýöriteleşdirilen foreign@pstu.ru elektron poçta salgysy arkaly tabşyryp bilerler. Şeýle hem, Perm şäherinde gelende (PNIPU-nyň esasy binasy,Komsomolskiý prospekti, 29)şahsy tabşyrmak bolýar ýa-da synag geçiriljek nokatlar. Rus dilini ýeterlik derejede bilmeýän dalaşgärler üçin PNIPU taýýarlyk bölümini hödürleýär, bu ýerde olar bir ýylyň dowamynda dil başarnyklaryny we ýöriteleşdirilen derslerini kämilleşdirip bakalawr ýa-da magistratura üstünlikli başlap bilerler. Uniwersitetde geçiriljek giriş üçin synaglaryň seneleri: 2026-njy ýylyň 22-nji iýunyndan 20-nji awgystyna çenli Russiýa Federasiýasynyň Perm ülkesi, Perm şäheri, Komsomolskiý prospekti, 29, PNIPU-nyň esasy binasynda. 🇺🇿Özbegistan Respublikasy 2026-njy ýylyň 14-nji iýulyndan 24-nji iýulyna çenli: Daşkent şäheri, OOO TMZ(Daşkent Metallurgiýa Zawody), Ýangihoýotskiý etraby, DHAÝ köçesi(Daşkent Halka Awtomobil Ýoly). (22-24-nji iýul) Bekabad şäheri, Sirdre köçesi (14-21-nji iýul) Buhara şäheri, Kaýum Murtazaýew köçesi, 15-nji jaýy (14-15-nji iýul) 🇭🇺Täjigistan Respublikasy Duşanbe şäheri, Mirzo Tursunzoda köçesi, 47-nji jaýy (22-23-nji iýul) 🇹🇲Türkmenistan Respublikasy Mary şäheri (14-nji iýul) Aşgabat şäheri (15-16-njy iýul) Türkmenbaşy şäheri (16-20-nji iýul) Tölegli esas iki synagdan ybarat: rus dili/iňlis dili, matematika Umumy bäsleşik-üç synagdan ybarat: (rus dili, matematika we fizika) Býudjet orunlary Rus Binalarynda ( Russiýa Fedarasiýasynyň kwotasy(paýy) Halkara kabul ediş komitetiniň aragatnaşyklary * Telefon:+7(342)219-89-44 * E-mail: foreign@pstu.ru

